2016ý TÄLEÝNAMASY KEMAN (Стрелец) 23.11-21.12

0

Bu ýylda Kemanlar öňki ýyllarda başlan işlerini uly güýç bilen dowam ederler. Bu nyşanyň wekilleri öz abraýlary we üstünlikleri ugrynda gaýduwsyz zähmet bilen gümra bolarlar. Ýylyň birinji ýarymy ýyldyzlar bular üçin iş derejelerini galdyrmaga köp mümkinçilik dörederler. Ýyldyzlar Fewral we Aprel aýlarynda ähli ugryna çykan uly işleriňizi we planlaryňyzy doly dynmagy maslahat berýärler. Şol döwürde bu nyşanyň ýalňyz wekilleri üçin söýgi pursatlary garaşýar. Ikinji ýarymyny tapanlar bolsa nesili dowam etdirmegiň ugryna çykarlar.
 Ýylyň birinji ýarymy Iş we öý aladalary deň we sazlaşykly gider. Kemanlara diňe rahatlyk bilen öz aladalaryny edäýmek galýar. Sentýabryň başlaryndan näçe ýylky zähmetlerden soň birbada asudalyk we rahatlyk aralaşar. esasy zat, olaryň rahatlygy üçin öz gyzyklanýan güýmenjelerine we dynç-gezelençelere gitmek gerek. Köpçülikleýin işlerde özlerini görkezmek olar üçin örän peýdalydyr.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
SÖÝGI WE MAŞGALA
Bu ýylda Kemanlaryň köpüsine öz pikirleri bilen maşgalalarynyň pikirlerini deň getirjek bolup başagaý bolmak garaşýar. Aprel we Iýun aýlary aralykda, bularyň taýlary iş meselelerini azrak edip, özlerini üns bermeklerini talap ederler. Şu meseleler ene-atalary bilen aralarynda hem bolmagy mümkin. Ýyldyzlar şol möhletde ýakynlary bilen mylakatly, mähirli we mylaýym bolmagy maslahat berýärler. Ýalňyzlara bolsa gyşyň aýaklaryna we ýazda jemgyýetçilik ýerlerde köpräk bolmagy ündelýär. Hut şol ýerde hakyky durmuşdaky bagtlaryny tapmaklary mümkin. Eger ýylyň birinji ýarymynda Kemanlara ikinji ýarymlary bilen gapma-garşylykly pikirleri üstinde dawalar köp gabat gelen bolsada, ýylyň ikinji ýarymynda olaryň pikirleri sazlaşykly gider.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
PUL WE MADDY ÝAGDAÝ
Mart we Iýul aralygynda, bu nyşanyň astynda doglanlaryň planetasy Ýupiteriň pozitiw hereketleriniň netijesinde Kemanlara uly maddy üstünlikler garaşýar. Aýratynda hususy işler bilen meşgullanýanlaryňky ugryna bolar. Kemanlaryň duýgy pikirleri güýçli bolar, olar netijeli proýektlere dogry goýumlary goýmagy başararlar. Umumy aýdylanda ähli maddy ugurdaky işleri ýylyň birinji ýarymynda gutarmak gerek. Ýylyň ikinji ýarymynda şeýle bir üýtgeşiklikler bolmaz. Adatdan daşary aýlar ýylyň ahyrky iki aýydyr, dostlarynyň kömegi ýa-da köpçülikleýin işleriň netijesi bilen Kemanlar öz girdejilerini artdyryp bilerler.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
HÜNÄR, DEREJE, IŞ, BIZNES
Güýze çenli wagtda - bu ugurda iň bir netijeli wagtlaryň biridir. Tomus öz hususy biznesiňi başlamak üçin iň bir amatly wagtdyr. Gyş we ýaz aýlarynda öňki ýalňyşlyklaryňyzyň üstünde işläp, täze planlaryň ugryna çykmak gerek. Şeýlede öz hususy döredijiligi bolan Kemanlaryň üstünligi wagtyndan irräk geler, Fewral we Aprel aýlarynda. Bularyň öňünde täze ösüşleri açjak, täze tanyşlyklar bolmagy mümkin. Noýabr we Dekabr aýlarynda Kemanlara öňe saýlanmak üçin, köpçülikleýin ýa-da dostlar bilen bilelikdäki işleri ýerine ýetirmek gerek.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
Taýýarlandy: Täleýnama sahypasy
Line ID:  @wde3926

Имя *:
Email:
Подписка:1
Код *:

DunyaBelli.Com - Dünýä belli ynsanlar,ýerler,zatlar barada maglumatlar,täzelikler we täze aýdymlar,klipler we täleýnama ählisi bu ýerde

Biz bilen galyň!.

Biz sizi öz täzeliklerimiz bilen begendirip durarys. Карта сайта | Hasyl bolan arzuwlar

uCoz