2016ý TÄLEÝNAMASY TEREZI (Весы) 24.09-23.10

0

Bu nyşanyň wekilleri 2016-njy ýylda öz häsiýetlerini üýtgedip has salykatly we jogapkär bolarlar. Ýylyň birinji ýarymynda Terezileriň köpüsi öz gatnaşyklaryny azaldyp, durmuşa täzeçe garamagyň ugryna çykarlar. Täsin we syrly hereketleri etmekleri mümkin. Emma, bularyň özi hakda çendenaşa zähmet çekselerde, Fewral we Aprel aýlary aralygynda terezileriň durmuşyna täze geň, täsin adamlar girer we olaryň ruhy dartgynlylygyny paýlaşarlar. Bularyň köpüsi söýgä uçramagy mümkin. Ýazda we tomusda ýyldyzlar Terezilere iş ýerlerinde dawalardan we gödek hereketlerden daşyrakda durmagy maslahat berýärler. Saturnyň we Neptunyň ters hereketleri netijesinde bu nyşanyň wekillerine hünär-iş çygrynda  ene-atalalaryň päsgel bermekleri mümkin.
Güýz paslynyň gelmegi bilen bularyň durmuşynda düýbünden başga döwür başlar. Olaryň öňki äwmezliklerinden nam-nyşan galmaz. Tereziler öňkileri ýaly ýenede aktiw gatnaşarlar, köpçülikde we maşgalalarynda köp wagtlaryny geçirerler. Ýupiteriň bu nyşanyň täleýiniň birinji bölüminden geçmegi, ýazyjylyk işlerinde üstünlikleri wada berýär. Şeýle hem şol möhletde bu nyşanyň käbir wekilleri öz watanynyň çäginde täze ýurt tutmak meselelerini aňsat çözüp bilerler.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
SÖÝGI WE MAŞGALA
Ýazda bu nyşanyň ýalňyz wekilleri öz söýgüsine duşup bilerler. Bu ýagdaý öz ýakynlarynyň arasynda has aňsat bolar. Ikinji ýarymyny tapanlar bolsa, öz wagtlaryny ylalaşykda we dostlukly agzybirlikde geçirerler we olaryň söýgüsi hasda berkär. Söýgüli admyňyzyň öý we maşgala ýagdaýyndaky meseleleri çözmekde, üstünlikli hereketleri bolmagy mümkin. Aprel we Iýun aralygynda öz ýoldaşyňyz bilen käbir dawalardan, aýratynda pully meselelerden daş durmagy ündelýär. Ýyldyzlar gowusy şol wagtda maddy çygryndaky hereketleri soňa goýmagy maslahat berýärler. Şahsy durmuşda Sentýabr iň bir amatly wagtlaryň biridir. Bu aýda toý etmek ýa-da göçmek örän amatlydyr. Güýzüň soňlaryna Tereziler peýdaly maşgala işleri bilen gümra bolarlar. Bu nyşanyň wekilleri maşgalalary üçin aýratyn jogapkärlilik duýarlar. Ene-atalar bilen gatnaşyklary hasda gowulaşar.  
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
PUL WE MADDY ÝAGDAÝ
Ýylyň birinji ýarymynda uly söwdalary etmek ýa-da pul goýumlaryny goýmak bu nyşanyň wekillerine peýda getirmez. Tereziler üçin bu möhletde uly çykdaýjylar bolmak howpy bar, olar siziň maddy ýagdaýyňyza zyýan ýetirip biler. Şeýlede Aprel we Sentýabr aýlary aralygynda has ünsli bolmagyňyz gerek, şol wagtda ýakynlardan ýa-da biznes-hyzmatdaşlaryňyzdan uly päsgelçilik bolmak howpy bar. Tomusyň ahyrynda we Güýzde islenilýän girdeýji gaznylmak mümkinçiligi bar. Olary gazanmak üçin Terezilere öz hususy işlerinde goýum goýmak zerur. Maşgala tarapdan maddy goldaw bolmagy mümkin.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
HÜNÄR, DEREJE, IŞ, BIZNES
Ýylyň birinji on günligi Tereziler üçin haýyrly geçer. Ikini on günlikden başlap tä Sentýabra çenli üýtgeşik hereketleri etmeli däl. Adatdan daşary hereketler ýagdaýy diňe erbetleşdirer. Aprel we Iýun aralygynda gizlin dokumentlere seresap bolmak gerek, her öňýetene planlaryňyzy aýdyp ýörmäň. Sentýabrdan başlap Terezileriň yhlasy netije berip başlar. Köpleriň iş ýerlerinde wezipeleri ýokarlanar we başlyklary bilen aralary sazlaşykly gider. Öz husysy biznesi bilen meşgullanýanlar bolsa, özlerini nämedir  bir täzelik bilen barlap görerler, literatura ýa-da dil çeperçilik sungaty bilen meşgullanmak mümkin. Güýzüň ahyry we gyşyň başlary, täze biznes başlangyçlarynyň netije berip başlaýan wagtydyr.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
Taýýarlandy: Täleýnama sahypasy
Line ID:  @wde3926

Имя *:
Email:
Подписка:1
Код *:

DunyaBelli.Com - Dünýä belli ynsanlar,ýerler,zatlar barada maglumatlar,täzelikler we täze aýdymlar,klipler we täleýnama ählisi bu ýerde

Biz bilen galyň!.

Biz sizi öz täzeliklerimiz bilen begendirip durarys. Карта сайта | Hasyl bolan arzuwlar

uCoz