2016ý TÄLEÝNAMASY DAG TEKESI (Козерог) 22.12-20.01

0

Geljek ýylda bu nyşanyň wekilleri düşünjeli sabyrly we geçirimli bolarlar. Olar köp filosofiki soraglaryna jogap taparlar. Aýratyn hem ýylyň birinji ýarymynda bu zatlar mümkin bolar. Erkekler üçin daşary ýurtlara syýahada , okuwa, işe gitmek üçin örän gowy wagtdyr. Zenanlar üçin Fewral we Aprel aralygynda maşgalasynda garaşylmadyk ýagdaýda gowy habarlar bolar. Şübhe edip ýören ýalňyşlygyň üsti açylar we özleriniň ýalňyşyna düşünerler hem-de söwer ýarlaryndan ötünç sorarlar, şunlyk bilen maşgalanyň hasda ysnyşyp agzybirlikde ýaşamagyna elter. Iýun we Sentýabr aýlary aralygynda ýyldyzlar hemme meselelerde ägä bolmagy maslahat berýär, adamlaryň ýalňyş düşünmekleri mümkin. Şeýlede dokument işleri we dürli maglumatlar barada hem ünsli bolmak gerek.
 Sentýabrdan başlap bularyň abraýy örän çalt ýokary galar. Öňki ýyllarda başyny başlan işleri, pikirleri netijesini berip başlar. Bu nyşanyň wekilleriniň käbiri edebiýat işleriniň başyna barmak hakda pikirlenerler. Ýylyň soňky aýlary hasda netijeli aýlar bolar.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
SÖÝGI WE MAŞGALA
2016-njy ýylda öz söýgüli adamyňyz bilen gatnaşyklaryňyz hasda gowulaşar. Öňki ýalňyş düşünen zatlaryňyzy bagyşlap, durmuşyň manysyna has gowy düşünersiňiz. Ýöne bu zatlara ynanmak birbada size agyr düşer , aýratynda ýylyň başynda. Doganlaryňyz bilen düşünişmezlik bolar emma hakykatda siziňki dogry bolar we söýgüňiz we maşgalaňyz hasda berkär. Aprel we Iýun aralygynda dawalardan daşyrak durjak boluň, ene-atalaryňyz ýa-da ýakynlaryňyz bilen emläk üstinde dawa bolmagy mümkin. Ýylyň ikinji ýarymynda agzybirlik bu nyşanyň wekilleri üçin ýokary derejede gider. Iknji ýarymyňyz bilen gowy gatnaşykda boluň, köpräk ýagdaýlaryndan habar tutyp duryň. Ýyly söz ýaryňyz üçin örän gowy täsir eder.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
PUL WE MADDY ÝAGDAÝ
Ýylyň başynda hiç hili garaşylmadyk ýerden girdeji gelmegi mümkin. Ýakyn adamyňyzdan ýa-da maşgala agzalaryňyzdan biri size howandarlyk eder. Ýyldyzlar owlaklara sadaka üçin pullaryňyzy gaýgyrmazlygy maslahat berýär, hut şol zatlar siziň maddy ýagdaýyňyzyň gowulaşmagyna täsir eder. Ýylyň başlaryna öýiňizi abatlamak üçin uly möçberde çykdajylar bolmagy mümkin. Umumy alanyňda, şöl möhletde owlaklaryň islegi maddy mümkinçilikleri bilen gabat gelmez. Emma ýylyň ahyrynda aýratynda Noýabr-Dekabr aýlarynda ýagdaý üýtgär. Şol möhletde başlanan işler uly girdeji getirer.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
HÜNÄR, DEREJE, IŞ, BIZNES
Ýylyň başyndan tä Sentýabra çenli bu nyşanyň wekilleri öz biznes planlary barada pikir ederler, olar güýz paslynda ýokary netije berer. Ýupiter planetasynyň bu nyşanyň wekilleriniň işjeňligi bilen bagly bolan täleý ýolunda hereket etmegi, telekeçiler üçin örän uly üstünlik getirer. Hakyna tutma (aýlykly) işleýänler bolsa iş ýerlerinde öz başarjaňlygyny görkezmek gerek, hut şol möhletde başlyklaryňyzdan ýokary baha we uly goldaw taparsyňyz. Emma has uly üstünliklere ýylyň ahyrynda, Ýupiter we Saturnyň täsiri netijesinde ýetip bolar. 
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
Taýýarlandy: Täleýnama sahypasy
Line ID:  @wde3926

Имя *:
Email:
Подписка:1
Код *:

DunyaBelli.Com - Dünýä belli ynsanlar,ýerler,zatlar barada maglumatlar,täzelikler we täze aýdymlar,klipler we täleýnama ählisi bu ýerde

Biz bilen galyň!.

Biz sizi öz täzeliklerimiz bilen begendirip durarys. Карта сайта | Hasyl bolan arzuwlar

uCoz