2016ý TÄLEÝNAMASY GUZY (Овен) 21.03-20.04

0

2016-njy ýylda bu nyşanyň wekilleri üçin esasy hünärlerinde özlerini görkezmek we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bolar. Guzylar öz işlerinde, täzeçe pikirlenip diňe bir girdeýje almak bilen çäklenmän edýän işlerinden lezzet almagy hem pikirlenerler. Geçen ýyldaky ugryna çykan işleriniň dowamyny, has güçli depginde dowam ederler. Saturnyň, bu nyşanyň wekilleriniň täleýnamasynyň bölüminden geçmegi, Guzylary has jogapkärlilige we tertiplilige elter. Köpler ylym we daşary ýurtlaryň medenýeti bilen gyzyklanarlar, öz däpleriniň tapawudyny bilmek islärler. Hut şol hereketler, ýylyň birinji ýarymynda täze derejelerde ösmäge kömek eder. Aprel we Iýun aýlary aralygynda, Guzylaryň planetasy Mars çäkden daşda bolýanlygy üçin, üýtgeşiklikleri etmezlige çalyşmaly. Şol möhletde daşary ýurtlara gitmezlige çalşmaly.
Sentýabrdan başlap, bu nyşanyň wekilleri şahsy durmuşlaryna ünsli bolarlar. Ýupiteriň täsiri astynda, bu nyşanyň wekilleri täze romantiki gatnaşyklary ugryna bolar. Şeýlede täze şertnamaly, işleri, gepleşikleri geçirmek üçin örän amatly wagtdyr. Daş ýerlerdäki dostlarynyň, köp işlerde örän gowy peýdasy deger.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
SÖÝGI WE MAŞGALA
Ýylyň başky aýlarynyň dowamynda, bu nyşanyň wekilleriniň syrly gatnaşyklary ýokary derejede bolar. Az wagtlyk gatnaşyklar bolmagy mümkin, bu zatlaryň hemmesi duýgylaryň deň gelmegi bilen bolar. Ýazyň ortalaryndan tä Tomusa çenli ägä bolmak gerek, söýgülileri Guzylara ters düşünip dawalar bolmagy mümkin. Aýratynda däp-dessurlara we syýasata degişli temalardan daş durmak gerek. Güýz we Gyş, bu nyşanyň wekilleri üçin soňky ýyllarda, iň gowy wagt bolar. Guzylaryň ýoldaşlarynyň kömegi bilen täze uly proýektlere başlanmagy mümkin. Şol wagtdaky dürli hyzmatdaşlyklar Guzylaryň haýryna bolar.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
PUL WE MADDY ÝAGDAÝ
Maddy ugurda känbir geň galdyryjy üýtgeşiklikler bolmaz. Girdeýjiler köpelmän öňküligine durar, ýöne azalmazam. Apreliň ahyrlaryna hyzmatdaşlaryňyz we dostlaryňyz bilen pully meselelerde ünsli bolmak gerek. Şol möhletde uly pullary  karz bermek howply, maýalaryňyzy(pullaryňyzy) ömürlik ýitirmek howpy örän ýokary. Ýyldyzlar Maý aýynda ünsli bolmagy maslahat berýärler. Şol möhletde aýlyk haklaryňyzy galdyrmak üçin edilen haýyştlar, üstünlikli netije berer. Gowy girdeýji getirjek, hususy biznese başlanmagy mümkin.  Ýyldyzlar Oktýabrda garaşylmadyk çeşmelerden girdeýjiler bilen begendirmegi mümkin. Miras galdyrylmagy mümkin.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
HÜNÄR, DEREJE, IŞ, BIZNES
Hususy işler bilen meşgullanýanlar üçin, ýylyň ilkinji aýlary üstünlikli wagtdyr. Daşary ýutlardan ediljek teklipler, Guzylaryň öňünde täze bir mümkinçilikleri döreder. Mart aýyndan Awgustyň ortalaryna çenli, işleriňizde has tiz hereket edip, öňki goýberilen ýalňyşlyklaryň üstünde işlemek gerek. Hakyna tutma ýa-da hökumat edaralarynda işleýänler, ýylyň birinji ýarymynda başlyklary we kärdeşleri bilen dawalardan gaça durmak gerek. Özdiýenliligiňizi ýylyň ikinji ýarymyna goýmak gerek. Şol möhletde hojaýynlaryňyz siziň sabyrlylygyňyza we wepalylygyňyza ýokary baha bererler. Güýz we Gyşa aýratyn üns bermek gerek. Şol wagtda hyzmatdaşlyk kömekleri Guzylaryň maňlaýyndan dirär. Ýylyň soňky aýlarynda, Guzylaryň ömür arzuwlan, bilelikdäki uly proýektleri amala aşmagy mümkin.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
Taýýarlandy: Täleýnama sahypasy
Line ID:  @wde3926

Имя *:
Email:
Подписка:1
Код *:

DunyaBelli.Com - Dünýä belli ynsanlar,ýerler,zatlar barada maglumatlar,täzelikler we täze aýdymlar,klipler we täleýnama ählisi bu ýerde

Biz bilen galyň!.

Biz sizi öz täzeliklerimiz bilen begendirip durarys. Карта сайта | Hasyl bolan arzuwlar

uCoz