2016ý TÄLEÝNAMASY ÖKÜZÇE (Телец) 21.04-21.05

0

Bu nyşanyň wekilleri üçin 2016-njy ýyl köp öwrülişikleri taýýarlady. Olaryň esasy bölegi şahsy durmuşlaryna täzeçe filasofiki garaýyşlardyr. Pal atmak, jadygöýlik we aňyjylyk däpleriniň başarjaňlygy bolmagy mümkin. Ýylyň birinji ýarymy esasy orunda döredijilik we çagalar bilen meşgullanmak bolar. Ýyldyzlar döredijilik işlerinde seresaply we ünsli bolmagy maslahat berýärler. Olaryň içinde başgalaryň maddy goldawy bilen edilen işler, Saturnyň ters hereketleri netijesinde puja çykmagy mümkin. Bu nyşanyň wekilleri üçin, birinji ýarym ýyllygyň esasy geň pursatlarynyň biride, öňki ýanýoldaşlarynyň yzyna dolanmagydyr. Kimdir biri olar bilen dostlukly gatnaşyklary saklar, käbirleri bolsa gaýtadan durmuş gurarlar.
Ýylyň ikinji ýarymynda, aýratynda soňky aýlarda, bu nyşanyň wekilleri üçin öz kärlerinde haýran galdyryjy üstünlikler garaşýar. Ýupiteriň ýakymly hereketleri netijesinde, Öküzçeleriň iş ýerlerinde abraýlary galar, eden işleriniň gadyry biliner. Bu nyşanyň köp wekilleri çynlakaý öz saglyklarynyň aladasyny ederler.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
SÖÝGI WE MAŞGALA
Ýylyň birinji ýarymy bu nyşanyň şahsy durmuşlarynda, peýdaly baý wakalaryň bolmagyna garaşylýar. Käbir jübütleriň arasynda garaşylmaýan meseleler bolmagy mümkin, meselem, maddy ýagdaýdaky maşgala mirasy. Ýöne bu bulaşyklyk diňe bularyň peýdasyna bolar. Käbirleriniň ikinji ýarymy bilen gatnaşyklary berkäp, maşgala ýagdaýlary hasda gowulaşar. Söýgülisinden aýrylan bu nyşanyň wekilleri bolsa, tiz wagtda öz ikinji ýarymyny taparlar. Täze tanyşlyklar üçin iň gowy wagt, Iýun we Iýul aýlarydyr. Käbiri öňki söýgülileri bilen birigerler. Ýyldyzlar ýylyň ikinji ýarymynda, Öküzçelere sazlaşykly gatnaşyklardan lezzet almagy wada berýärler. Emma, Oktýabr aýynda, bu nyşanyň wekilleri üçin, howply gatnaşyklaryň we tanyşlyklaryň bolmagyna garaşylýar. Şol döwürde seresaply bolmak gerek.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
PUL WE MADDY ÝAGDAÝ
Öküzçeleriň maddy ýagdaýy bütin ýylyň dowamynda durnukly bir ýagdaýda gider. Esasy ýylyň birinji ýarymynda, karz pullary almazlyga çalşmak gerek we düýbünden başgalaryň puluna daýanmazlyk gerek. Uly bank işlerinide soňa goýmaly. Maddy ugyrda iň netijeli aý Iýun aýydyr. Uly söwdalary etmegiň we pul goýumlaryny goýmagyň wagtydyr. Güýzde bu nyşanyň wekilleri üçin, uly göwrümde maddy ýagdaýlarynyň üsti ýetirilmegi mümkin. Ýylyň ahyrky aýlarynda, ykbal bulara garaşylmadyk ýerden uly möçberde maýa(pul) eçiler. Haýsydyr bir daş garyndaşlaryndan biri öz mirasyny goýar ýa-da Öküzçeler gowy peýdaly   ylalaşyklary ederler.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
HÜNÄR, DEREJE, IŞ, BIZNES
Ýylyň birinji ýarymynda, ugrukdyryjy ýyldyzlaryň çäkden daşda bolmagy netijesinde hünär derejesinde arkaýynlygy saklamaly, gowusy, dymmaly. Ýöne öňki derejäňizi barlamak, täze maksatlara göz gezdirmek we ugyr ýol öwrenmek üçin iň gowy wagtdyr. Öz şahsy döredijilik planlaryňyzy birbada goýbolsun etmeli we kärdeşleriňiz bilen araňyzy sazlamaly. Gowy pikirlenilen planlar, ýylyň ikinji ýarymynda örän çalt öser. Hatda öz hususy işleri bilen meşgullanýanlara hem uly, ýüz öwürip bolmajak işleri hödürlärler. Bu teklip, öz dostlaryndan ýa-da gurply daşary ýurtlylardan hödürlener. Topar bolup işlemek, özbaşdak işlerden peýdaly we netijeli bolar. Şol döwürde töwekgellik etmekden gorkmaň, ähli zatlar diňe siziň haýryňyza gider, şol döwürde ýyldyzlar Öküzçeleri goldarlar.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
Taýýarlandy: Täleýnama sahypasy
Line ID:  @wde3926

Имя *:
Email:
Подписка:1
Код *:

DunyaBelli.Com - Dünýä belli ynsanlar,ýerler,zatlar barada maglumatlar,täzelikler we täze aýdymlar,klipler we täleýnama ählisi bu ýerde

Biz bilen galyň!.

Biz sizi öz täzeliklerimiz bilen begendirip durarys. Карта сайта | Hasyl bolan arzuwlar

uCoz