2016ý TÄLEÝNAMASY LEŇŇEÇ (Рак) 22.06-22.07

0

Geljek 2016-njy ýylda bu nyşanyň wekilleri esasan öz işleri bilen gümra bolarlar. Şonda olar özlerine, täze tanyşlyklary, käbiri bolsa garaşylmadyk ýerden özlerine söýgi taparlar. Mart we Iýun aralygynda haçanda Saturn we Neptunyň ters gatnaşyklarynyň nukdaýnazaryndan seredip, iş ugrynda we kärdeşleriňiz bilen gatnaşykda ägä bolmak gerek. Şeýlede daşary ýurtlara gitmekden el çekmek gerek. Emma şol wagtda, köne aladalaryňyzdan daşlaşyp, öz durmuş filasofiýaňyzy barlamak gerek. Saglyk ugrynda hem aktiwlik öňe gider. Bu nyşanyň köp wekilleri nusgalyk sagdyn durmuşa başlarlar we aktiw fiziki we ruhy hereketler bilen meşgullanaralar.
 Ýylyň ikinji ýarymyndan başlap, aýratynda Güýzde Leňňeçleriň öýlerinde peýdaly öwrülişikler başlanar. Haýsydyr bir maşgala biznesine başlanylmagy mümkin. Esasy öz pikirleriňiz bilen özgeleriň pikirlerine gözegçilik etmek gerek. Dürli päsgelçilikler bolmagy mümkin edýän hereketleriňizde ünsli bolmak gerek. Mart we Iýul aýlary aralygynda bu nyşanyň wekillerine gyzykly tanyşlyklar garaşýar. Olaryň käbiri iş-dereje çygrynda peýdalydyr, başgalary bolsa şahsy durmuşda üýtgeşiklik eder.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
SÖÝGI WE MAŞGALA
2016-njy ýylda Leňňeçleriň, gatnaşyklara bolan garaýyşy üýtgär. Haýsydyr bir işdeşiniň ýa-da dostlukly maşgalalaryň birinden kimdir biri bularyň durmuşyna girip çynlakaý romantiki gatnaşykda bolmagy mümkin. 2016-njy ýylda Leňňeçleriň ejiz tarapy: wepalylyk we tutanýerlilik maksady bolar. Şol sebäpli ýyldyzlar bu nyşanyň wekillerine, dawalardan, politiki meselelerden we däp-dessura degişli düşünişmezliklerden daş durmagy maslahat berýärler. Iýunda çagalar bilen gatnaşykda ýa-da şolara degişli işlerde ünsli bolmak gerek.  Sentýabr aýyndan başlap Leňňeçler köp wagtlaryny maşgalada we öýde geçirmek islärler. Köpüsi hatda iş we maşgalany utgaşdyryp, özlerine köplenç maşgalada bolmaga wagt taparlar. Şuňa meňzeş meseleleri 2016-njy ýylyň ahyrky aýlarynda edilse gowy bolar. Şol möhletde, öň maşgala agzalary bilen dawaly bolsa, aralary gowulaşar. Geljek ýylda Leňňeçler öz arzuwlaryna we agzybir maşgala ýeterler.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
PUL WE MADDY ÝAGDAÝ
Ýylyň ilkinji aýlary maddy ýagdaýda üstünlikli görüner. Ýagdaýy gowulaşdyrmaga hyzmatdaşlar sebäp bolar, meselem, pul gazanmagyň täze ýollaryny öwrederler. Ýylyň ikinji ýarymynda diňe maddy girdejileri ýygnaman, olary sarp etmägede ýetişerler. Bu aýda edilen söwdalar örän peýdaly bolar. Pullary gozgalmaýan emläklere we ýerlere goýum goýulsa ugryna bolar. Ýakyn ýyllarda olar netijesini görkezer. Awgust aýynda bu nyşanyň wekilleriniň aýlyk haklarynyň köpelmegi mümkin. Olary başlyklar bilen açaçan gürrüňdeşlikler netijesinde amala aşyrmak bolar.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
HÜNÄR, DEREJE, IŞ, BIZNES
Ýylyň başy Leňňeçler üçin asuda geçer. Güýç toplamak üçin gowy wagt. Ýazyň başyndan tä Tomsuň ahyryna çenli, iş ýerlerde we hususy işlerde hiç hili aktiwlik görkezmezlige çalyşmak gerek, durmuşyň akymyna görä ýöremek gerek. Aktiw hereketler 2016-njy ýylyň ikinji ýarymynda netijesini berip başlarlar. Güýzde bu nyşanyň käbirleri öz işlerinden daşary, öýlerinde täze maşgala biznesine başlamaklary mümkin. Hususy biznes şol wagtda uly girdeýjileri getirer. Gyşda Leňňeçler uly abraý gazanyp işlerinde uly ösüşler bolar. Ähli islenilýän netijeleri gazanmak üçin, ýyldyzlar öz ýakynlaryňyza ýüz tutmagy maslahat berýärler. Hut şol köpçülikleýin işleriň netijesinde, uly maksatlara ýetip bolar.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
Taýýarlandy: Täleýnama sahypasy
Line ID:  @wde3926

Имя *:
Email:
Подписка:1
Код *:

DunyaBelli.Com - Dünýä belli ynsanlar,ýerler,zatlar barada maglumatlar,täzelikler we täze aýdymlar,klipler we täleýnama ählisi bu ýerde

Biz bilen galyň!.

Biz sizi öz täzeliklerimiz bilen begendirip durarys. Карта сайта | Hasyl bolan arzuwlar

uCoz