2016ý TÄLEÝNAMASY ÝOLBARS (Лев) 23.07-23.08

0

2016-njy ýylda Ýolbarslara özleriniň iň gowy arzuwlaryny durmuşa geçirmek mümkinçiligi bar. Ýanwar we Sentýabr aýlary aralygynda islendik döredijilik planlary we islendik köpçülik işleri öz uly netijelerini berer. Ýolbarslaryň köpüsi, Ýupiteriň täsiri netijesinde öz maddy ýagdaýlaryny gowularlar. Emma Saturnyň täsiri bolsa bularyň üstünlik we şowlylyk ugrynda köp zähmet çekmelidiklerini habar berýär. Fewral we Aprel aýlary aralygynda bu nyşanyň wekilleri maşgala hasabyny (çaga) köpeltmegiň aladasyny ederler. Şol möhletde bu nyşanyň ýalňyz wekilleri öz söýgüsine duşup bilerler.
 Güýzden başlap, Ýolbarslary öz maddy ýagdaýyny gyzyklandyrmagyny bes eder we olar durky bilen täze tanyşlyklaryň ugryna çykarlar. Bu nyşanyň käbir wekiller başga şäherlere göçmegi mümkin. Doganlary, jigileri bilen aralary örän sazlaşykly we ylalaşykly gider. Ýolbarslar beýlekiler üçin açyk göwünli bolarlar. Bu nyşanyň köp wekilleri haýsydyr bir täzeligi öwrenmek islärler, täze güýmenjeleri oýlarlar. Aň-düşünje bilesigelijiligi olary köp okamaga maýyl eder, daş töwerek bilen gyzyklanarlar. Kimdir biri özüni ýazyjylyk ýolunda synap görer.  
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
SÖÝGI WE MAŞGALA
Özboluşly, asuda Ýolbarslar ýylyň birinji ýarymynda öz şahsy durmuşlaryna örän çynlakaý çemeleşerler. Muňa sebäp özünden ýaşyuly bilen duýgydaşlyk etmekleridir. Ikinji ýarymyny tapanlar bolsa, öz ýoldaşy bilen hasda ysnyşarlar, olarda hakyky wepalylygy görmek islärler. Bilelikde köp daşary ýurtlaryň taryhy we medeniýeti bilen gyzyklanarlar. Ýyldyzlar, Uranyň garşylykly herekedi sebäpli ýylyň ikinji ýarymynda toý etmegi ýa-da nikalaşmagy gadagan edýärler. Bu wagtda gyssagly netijelere howlukmaň, hatda söýgüliňiz bilen araňyz saz bolandada saklanmak gerek. Gowusy gatnaşyklaryňyzda bolan ýalňyşlyklaryň üstünde işläň. Şeýlede muňa garamazdan, Güýz we Gyş Ýolbarslar üçin dürli söýgi sowgatlaryny taýýarlady. Aýratynda ýylyň soňky aýlary ýatda galar. Bu möhlet maşgala sanyny artdyrmak (bäbege başlamak) üçin gowy wagtdyr.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
PUL WE MADDY ÝAGDAÝ
Ýanwar we Sentýabr aralygynda Ýolbarslaryň maddy ýagdaýynda uly ösüşler bolup geçer. Ýyldyzlar pursatdan peýdalanyp, öz hususy döredijiligiňize goýum goýmagy maslahat berýärler. Töwekgellik häzir netije berer. Has aktiw hereketleri Gyş, Ýaz we Tomusda ýerine ýetirmek bolar. Iýun we Sentýabrda karz almak ýa-da bermekden daş durmaly, bank bilen iş salyşmakdan daş durmaly. Ýupiter we Neptunyň ters hereketleri netijesinde howply ýalňyşlyklar bolmagy mümkin. Ýylyň ahyry maddy ugyrda ümsüm geçer.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
HÜNÄR, DEREJE, IŞ, BIZNES
Ýyldyzlar Mart we Iýul aýlary arasynda bu nyşanyň wekilleriniň aýlyk haklarynyň ýokarlanjakdygyny habar berýär. Bu ýagdaýa esasy sebäp iş ýerlerinde başlyklary bilen aralarynyň saz bolmagydyr. Ýolbarslar olaryň sag eli bolmana çalşmalydyrlar. Öz hususy biznesi bilen meşgullanýanlar bolsa esasy Tomus aýlarynda ünsli bolmalydyrlar. Şol wagt döredijilige we çagalara degişli proýektlere başlamak üçin iň gowy wagtdyr. Ol Ýolbarslara gowy girdeýji getirer. Bütin ýylyň dowamynda bu nyşanyň hakyna tutma işleýän agzalaryny, öz meşgullanýan işleriniň öz aýlyk haklary bilen deň gelmeýändigini alada ederler. Ýöne, bu soraglara  hut şu ýyl jogap tapylar.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
Taýýarlandy: Täleýnama sahypasy
Line ID:  @wde3926

Имя *:
Email:
Подписка:1
Код *:

DunyaBelli.Com - Dünýä belli ynsanlar,ýerler,zatlar barada maglumatlar,täzelikler we täze aýdymlar,klipler we täleýnama ählisi bu ýerde

Biz bilen galyň!.

Biz sizi öz täzeliklerimiz bilen begendirip durarys. Карта сайта | Hasyl bolan arzuwlar

uCoz