2016ý TÄLEÝNAMASY GYZ (Дева) 24.08-23.09

0

Geljek ýylda bu nyşanyň wekilleri maşgala we öý aladalarynyň ugryna çykarlar. Onsuzam hojalykçyl bu nyşanyň wekilleri, öňkilerden 2 esse öýleriniň saýhallygyny, tertibini we ene-atalary bilen gatnaşyklaryny hasda artdyrarlar. Bularyň köpüsi özlerini maşgalanyň, hatda tiräniň başy diýip hasaplarlar. Olara köp uly jogapkärli işler ynanylar. Gyzlara bu jogapkärlik haýyrly bolar. Emma Aprel we Iýun aralygynda ene-atalar we hyzmatdaşlar bilen dawalardan daşyrak bolmaly. Köpüsi şol wagtda özlerini iki oduň arasynda ýaly duýarlar. Ýyldyzlar, diňe özgeleriň aladasyny etmän, özleriniňem aladasyny etmegi maslahat berýärler. Mart we Iýul aralygynda bu nyşanyň ýalňyz wekilleri üçin öňden pikirlenilip ýörilen planlarynyň ugryna çykmagy maslahat berýärler.
Sentýabrdan tä ýylyň ahyryna çenli öý-hojalyga peýdaly çykdaýjylar garaşýar. Uly söwdalary etmek ýa-da maşgala biznesine başlamak üçin amatly wagtdyr. Umumy alanyňda ýylyň ikinji ýarymy, birinjä garanyňda asuda geçer. Ýanwar, Maý, we Sentýabr aýlarynda, haçanda bularyň planetalary Merkuriý çäkden daşda bolýan wagty, känbir uly aktiw işleri ýola goýmazlygy maslahat berýärler. 
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
SÖÝGI WE MAŞGALA
Geçen ýylda bolşy ýaly bu ýyl hem bu nyşanyň wekilleri, özlerine aýratyn romantika we ruhy taýdan ýakynlyk islärler. Bu zatlara Gyzlaryň täleýnamasynyň bölüminden geçýän Neptun sebäpdir. Şoň bilen birlikde, Gyzlar üçin ýoldaşlarynyň maşgala terbiýesine bolan gatnaşyklarynda hem talaplary artar we maşgala däpleriniň dowam etmegini sorarlar. Hut şu zatlar sebäpli 2016-njy ýylda, aýratynda Ýaz we Tomusyň başlaryna maşgalada düşünişmezlikler bolmagy mümkin. Hut şol bolmagy mümkin hereket Gyzlaryň peýdasyna bolar. Şeýlede ýylyň birinji ýarymynda, syrly durmuş barada dürli mesleler bolup biler. Güýzüň ahyrynda we Gyşda öý we maşgalada ýakymly hadysalar bolmagyna garaşylýar. Ene-atalardan uly sowgatlar bolmagy mümkin.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
PUL WE MADDY ÝAGDAÝ
Ýylyň birinji ýarymynda bu nyşanyň wekillerine maddy üýtgeşiklikler garaşylmaýar. Ýyldyzlar Aprele çenli ynamsyz çykdaýjylardan we başgalaryň puluny ulanmakdan daş durmagy maslahat berýärler. Gowusy Güýze çenli garaşmagy maslahat berýärler, şonda Gyzlaryň islegi mümkinçilikleri bilen deňleşer. Güýzde bu nyşanyň wekilleriniň täze döwri başlanar, şol wagt bularyň maddy ýagdaýlary birden gowulaşar. Bu ýagdaý maşgalada we gozgalmaýan emläklerde netije berer. Bu nyşanyň käbir wekillerine öý edinmek ýa-da ýerlerini kireýine (arenda) bermek mümkin bolar, hut şol zatlar uly girdeýji getirip biler, beýlekiler bolsa maşgala biznesine başlap bilerler. Bu zatlar hasda ýylyň soňky aýlarynda mümkin bolar.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
HÜNÄR, DEREJE, IŞ, BIZNES
Ýyldyzlar bu nyşanyň wekillerine Mart we Iýun aýlarynda ünsli bolmagy maslahat berýärler. Şol wagtda gyzlara dereje basgançagynda ýokary galmak mümkinçiligi garaşýar, olaryň ähli pikirleri durmuşa geçer. Şol wagtda bu nyşanyň wekilleri töweregindäkileri magnit ýaly özlerine çekmegi başararlar. Bularyň köpüsi, döredijilik çygrynda  hususy biznese başlamaklary mümkin. Ýylyň ahyrynda maşgala agzalaryndan biri gowy işe ýerleşmäge kömek ederler.
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
http://line.me/ti/p/~@wde3926z
Taýýarlandy: Täleýnama sahypasy
Line ID:  @wde3926

Имя *:
Email:
Подписка:1
Код *:

DunyaBelli.Com - Dünýä belli ynsanlar,ýerler,zatlar barada maglumatlar,täzelikler we täze aýdymlar,klipler we täleýnama ählisi bu ýerde

Biz bilen galyň!.

Biz sizi öz täzeliklerimiz bilen begendirip durarys. Карта сайта | Hasyl bolan arzuwlar

uCoz